Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygy öz işine başlady. Bu duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen bardy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow duşuşygy açyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady:
— Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Siz şu gün ilkinji gezek sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşýarsyňyz. Size hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň wezipesini dowam etdirjekdigiňize we Merkezi Aziýada hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarly bolup, ýurtlaryň gülläp ösmegine goşant goşjakdygyňyza ynanýarys. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň ynamly öňe gitmegi üçin, Siziň alyp barýan işiňizde üstünlikleri arzuw edýäris.
Gyrgyz Respublikasynyň milli habarlar agentliginiň habar bermegine görä, soňra duşuşyk gün tertibindäki meseleler boýunça öz işine başlady. Onuň dowamynda Prezidentler sebit howpsuzlygyndaky kynçylyklara we howplara bilelikdäki jogap hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň özara täsirini güýçlendirmek barada pikir alyşarlar, sebitdäki döwletleriň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da güýçlendirmek meselesine serediler.
Mundan başga-da, sebit ýurtlarynyň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekiler.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişeli bäri ilkinji gezek Gyrgyzystana sapar edýär.
Sammit başlamazdan ozal Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.