Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun Gurban Berdiýewiň «Traktora» bellenmegindäki orny barada gürrüň berdi

22:2215.07.2022
0
11388

«Baýeriň» we Eýranyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Serdar Azmun türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň «Traktora» bellenmegindäki orny dogrusynda gürrüň berdi. Azmun bilen söhbetdeşlik «Kolos» YouTube kanalynyň habarçysy tarapyndan geçirildi.

27 ýaşly Azmun 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda «Zenitden» «Baýer Liwerkuzene» geçipdi. Oýunçynyň nemes kluby bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam eder. Serdar Azmuny Eýranda görüp, Russiýa getiren hut Gurban Berdiýewiň özüdir. Azmun hem edil Berdiýew ýaly etniki türkmen. Serdar türkmen dilini çagalykdan bilenden soň, oňa baş tälimçi bilen söhbetdeş bolmakda kynçylyk ýokdy.

Gurban Berdiýew Eýranyň «Traktor» futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine 19-njy iýunda bellendi. Toparda Türkmenistandan gelen tälimçiniň ussatlygyny hem-de Russiýanyň «Rubin» we «Rostow» toparlary bilen gazanan üstünliklerini ýokary bahalandyrdylar. Berdiýew diňe bir baş tälimçi däl, eýsem tehniki direktorlygyda hem bellendi, ýagny ol toparyň ähli futbol gurluş ulgamyny (infrastrukturasyny) dolandyrar.

– Gurban Berdiýew bir eýran toparynyň ýolbaşçysy boldy. Rus metbugatynda oňa iş tapmaga siziň kömek edeniňiz barada habarlar ýaýrady. Bu hakykatmy?

– Serediň, men oňa Traktora geçmäge kömek etdimmi? Hawa. Ýöne men ony topara teklip etmedim. Bu dogry däl. Oňa toparyň özi tälimçiligi teklip etdi. Ol bolsa meniň maslahatymy sorady. Men Eýranly, galyberse-de ol maňa ynanýar. Şeýdip, ol menden käbir zatlary anyklady. Men oňa «Traktor» hakda diňe gowy zatlary aýtdym, ol hem Eýrana gitmek kararyna geldi. Bar bolan zat şu.

– Diýmek siz henizem Eýranyň futbol çempionatyny yzarlaýarsyňyzmy?

– «Traktor» meniň Eýranda iň halaýan toparym.

– Berdiýew bilenem aragatnaşyk saklaýarsyňyzmy?

– Hawa, ýakynda biz duşuşdyk, gürleşdik. Ol örän gowy adam. Ol meniň futboldaky atam. Men indi onuň Eýranda işlejekdigine begenýärin.

– Futbol oýny, transferler bilen bagly​​ meselede henizem ondan maslahat soraýarsyňyzmy?

– Ol meniň alýan ähli tekliplerimden habarly. Ýöne nirede oýnajagymy diňe özüm çözýärin. Öz ýagdaýlarymy kakama, ejeme ýa-da başga birine görä özüm has gowy bilýärin. Ýöne, elbetde, kyn ýagdaýym bar bolsa, ilki bilen Gurban Berdiýewe ýüz tutýaryn.

– Geçen tomus «Baýer» hakda soranyňyzda, ol size näme diýdi?

– Gowy, hemme zat dogry diýdi.

– «Baýere» geçmegiňizde onuň täsiri nähili?

– Onuň hiç hili täsiri ýok. Ol diňe goldady – diýip, Azmun söhbetdeşliginde belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň