Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew näme üçin Eýran toparyny saýlandygy barada gürrüň berdi

10:4111.07.2022
0
15484

«Ilki bilen, meniň bu topara çagyrylmagyma Serdar Azmunyň dahyllydygy hakynda köp okadym, köp eşitdim diýmek isleýärin. Bu dogry däl. Hakykatynda men «Traktoryň» Prezidentini köpden bäri tanaýaryn — ol «Rubiniň» ajaýyp çykyş eden döwürlerinde Kazana gelipdi, biz şol ýerde duşuşypdyk. Ol şeýle bir hyjuwly adam.

Dogrusy, ol baş tälimçi bolmak däl-de, gurluş ulgamyny (infrastruktura) döretmegi teklip etdi. Biz ilki Eýrana meniň gelmegimi ylalaşdyk, şeýdip Eýrana uçup geldik we esasy zatlary ylalaşdyk. Şol ýerde hem baş tälimçi bolmak teklibi hödürlendi. Biz şu wagt pikirlenýäris. Meniň haýsy wezipede işlejekdigim barada entek gutarnykly jogap bermedik, ýöne biziň ol ýerde iş alyp barjakdygymyz hakykat, soňam görübereris. Biz diýýänim Dmitriý Kriçenko, Iwan Danilýans, fizioterapewt we Matsuryň ogly. Umuman, tälimçi düzümiň hemmesi diýen ýaly» – diýip, Gurban Berdiýew YoutTube-da «Коммент.Шоу» kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Gurban Berdiýew YoutTube-da «Коммент.Шоу» gepleşiginiň täze sanyna gatnaşdy. Onuň dowamynda sport žurnalistleri Konstantin Geniç, Denis Kazanskiý, Nobel Arustamýan we Timur Gurtskaýa Gurban Berdiýew bilen onuň tälim beren toparlarynyň üstünlikleri, «Spartak» we Russiýa milli ýygyndysyna tälimçi hökmünde bellenilmek mümkinçiligi bolandygy hakynda, RPL-iň iň gowy oýunçylary we tälimçileri hem-de meşhur gorag oýny barada söhbet etdiler.

Gurban Berdiýew Eýranyň «Traktor» futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine 19-njy iýunda bellendi. Toparda Türkmenistandan gelen tälimçiniň ussatlygyny hem-de Russiýanyň «Rubin» we «Rostow» toparlary bilen gazanan üstünliklerini ýokary bahalandyrdylar. Berdiýew diňe bir baş tälimçi däl, eýsem tehniki direktorlygyda hem bellendi, ýagny ol toparyň ähli futbol gurluş ulgamyny (infrastrukturasyny) dolandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň