Soňky habarlar

Arhiw

Şri-Lankada tiz kömek gulluklarynyň awtoulaglaryna ýangyç guýmaklyk bes edildi

18:4203.07.2022
0
5782

Dowam edip duran ýutu ýangyç ýetmezçiligi zerarly Şri-Lankanyň Häkimiýetleri tiz kömek we ýangyn söndüriji ulaglary ýangyç bilen doldurmaklaryny bes etdiler. Bir hepde öň, ýangyjy hususy awtoulag eýelerine satmak gadagan edilip, adamlar ýden işlemäge çagyryldy, mekdepler wagtlaýyn ýapyldy diýip, info24.ru habar berýär.

3-nji iýulda ýangyjyň tiz kömek gulluklarynyň awtoulaglaryna hem ýetmejekdigi mälim boldy. Ýangyç ýetmezçiligi zerarly adada saglygy goraýyş gulluklarynyň işi togtadyldy, azyk harytlaryny ýetirmek mümkin däl. Galla ýygnamak we sebitiň elektrik üpjünçiligi howp astynda.

Şri-Lankada ýangyç çökgünligi ýurduň 1948-nji ýylda garaşsyzlygyny alanyndan bäri iň ýitisi boldy. Pandemiýa zerarly Şri-Lanka walýuta getirýän syýahatçylar barmagyny bes etdiler diýen ýaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň