Soňky habarlar

Arhiw

«Awazadaky» «Gämiler muzeýi» dünýäniň iň meşhur gämileriniň nusgalaryny hödürleýär

17:4830.06.2022
0
1619

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy myhmanlaryna köp sanly güýmenje hyzmatyny: attraksionly seýil baglaryny, welotrekleri, aýdym aýdýan çüwdürimleri, akwaparklary, ýaht-klublary we başga-da köp zatlary teklip edýär. Tomus dynç alşynda baryp boljak gyzykly ýerleriň arasynda ‒ muzeýiň «Gämiler dünýäsi» atly sergi otagy-da bar.

«Awaza» atly emeli derýanyň kenarynda muzeýiň gämiler sergisi bar. Toplumda iň meşhur gämileriň ― Britaniýanyň transatlantik «Titanik» bug gämisinden başlap, harby-deňiz gämileriniň 70-den gowrak nusgasy bar.

Agaçdan we beýleki serişdelerden ýasalan ýelkenli gämileriň we fregatlaryň nokatma-nokat takyklykdaky nusgalary öz döwrüniň asyl nusgalaryny göz öňüňde dikeldýär. Her nusganyň ýanynda türkmen we iňlis dillerinde ýazylan maglumat bar.

Muzeýe gelenler motorly gaýyga münüp, ýatdan çykmajak gämi gezelenjini-de amala aşyryp bilerler. Ýedi kilometr uzynlykdaky gämi gatnawly «Awaza» derýasy şypaly şäherjigiň boýundan-başyna uzalyp gidýär. Suw ýoly Hazar deňziniň kenarynyň golaýyndan geçýär. Derýa suwy kuwwatly turba geçiriji ulgamyň kömegi bilen Hazardan alýar.

Muzeý her gün işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň