Soňky habarlar

Arhiw

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň okuw mekdebini 400-e golaý talyp tamamlady

17:0123.06.2022
0
4015

Bu ýyl Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji hünär-tehniki okuw mekdebini 400-e golaý talyp tamamlady.

Häzirki wagtda tehniki-hünär okuw mekdebiniň uçurymlary döwlet synaglaryny tabşyrýarlar. Bu barada jeyhun.news web-saýtynda habar berilýär.

Hünär-tehniki okuw mekdebi Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň, şeýle-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň kärhanalary üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýerde tamamlanýan okuw ýylynda ýaşlara hünärleriň 9-sy boýunça bilim berildi. Olar nebit-himiýa önümçiliginiň operatory, nebit we gaz ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator, barlag ölçeg enjamlaryny we awtomatikany sazlaýjy hünärlerine eýe boldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň