Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda saparda bolýar

12:0118.06.2022
0
9746

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanynyň ýokary döwlet wezipesine saýlanandan soňra ýurduň gündogar sebitine ilkinji saparydyr.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti saparynyň çäklerinde sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşýar.

Habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda saparda boldy. Saparynyň dowamynda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, şeýle-de welaýatyň baş metjidine bardy we umra haj zyýaraty mynasybetli toý sadakasyny berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň