Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«KAMAZ» «ýaşyl» ulag ulgamyny durmuşa geçirmekde dünýä tejribesine eýerýär

13:0814.06.2022
0
15580

«KAMAZ» — bu diňe bir ýük awtoulaglary däldir. Konsernde şeýle-de çekiji awtoulag tehnikalary, ýük daşaýjy awtoulaglar, awtobuslar we elektrobuslar hem öndürilýär. Kompaniýa önümçilik çygrynda «ýaşyl» ulaglar konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde dünýä tejribesine eýermek bilen, Russiýada ilkinji bolup elektrobuslaryň önümçiligini ýola goýdy.

Bu günki günde «Mosgortrans-yň» tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan «KAMAZ-6282» elektrobusy kompaniýanyň ýokary tehnologik mümkinçiliklere we ekologik aýratynlyga eýe bolan ulagydyr. «KAMAZ» bu ulagyň önümiligini tapgyrlaýyn ýola goýdy we Moskwa şäherinde bu ulagyň gatnaw ulgamyny açdy. Häzirki wagtda «KAMAZ» elektrobuslary Moskwa şäherinde ekologik ulag şertiniň ýola goýulmagy bolup, ony Russiýa Federasiýasynyň beýleki şäherlerine hem tapgyrlaýyn ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

«KAMAZ-6282» elektrobusy üç gapyly bolup, özünde 85 ýolagçyny ýerleşdirip bilýär. Ulagyň salonynda 33 sany ýumşak oturgyçlar ýerleşdirildi, şeýle-de maýyplar üçin durulýan ýer bardyr. Onuň ýer bölegini pes bolmagy amatly durmaga ýardam edýär. Bu modelde çekiji elektrik enjamlarynyň esasy bölekleri ulanylyp, elektroportal köprüsi we 80 kW kuwwatlylygy hem-de 70 km ätiýaçlygy bolan litiý-titanat batareýalary bardyr. Şunuň bilen birlikde, batareýanyň işleýiş möhleti 20 000 sikle çenlidir.

Bu awtoulag aýratynlaşdyrylan howa-dolandyryjysy, gapylardaky ýylylyk perdeleri, mediaekranlar we ykjam telefonlary zarýadlandyrmak üçin USB birikdirijileri ýaly ýokary amatlylygy bilen tapawutlanýar. Awtobusdan has tapawutly ýeri bolsa, elektrik awtobus atmosfera zyýanly zyňyndylary taşlamaýar we sessiz diýen ýaly hereket edýär. Ulagy ahyrky duralgalarda ýerleşdirilen ultra tiz zarýad beriş stansiýalarynda zarýadlandyryp bolýar. Elektrik awtobusa tiz zarýad bermegiň wagty 0-dan 100%-e çenli doldurylan ýagdaýynda 24 minuta deňdir.

Batareýalar köplenç doly ýagdaýda boşadylmaýar, ol ortaça 40-50% sarp edilýär. Bu ýagdaýda tejribeli sürüji batareýany 100%-e çenli zarýadlandyrmak üçin bary-ýogy 6-10 minut gerek bolýar. Howa şertleri bu prosese täsir etmeýär. Şeýle hem, awtoulaglar wideo gözegçilik we emeli hemra nawigasiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Elektrik ulag ulgamyna geçmegiň görnetin artykmaçlygy şäheriň ekoulgamyny bütinleý gorap saklamak we gowulaşdyrmakdyr.

Bu babatda ozal hem habar berşimiz ýaly, awtokonserniň Türkmenistandaky bölümi «KAMAZ FTC Corp. LLP» şahamçasydyr.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 602-nji jaý, «KAMAZ» okuw-hyzmat ediş merkezi;

Telefon belgileri: (+ 993 12) 75 22 04/05;

Faks: (+993 12) 75 19 70;

Elektron poçta salgysy: office@ftckamaz.com.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň