Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

19:2407.06.2022
0
5182

Aşgabatdaky Oba hojalyk toplumynda türkmen tebigatynyň täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek görnüşleri baradaky maglumatlary halk köpçüligine tanyşdyrmak maksady bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde yglan eden «Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa dürli ýaşdaky, dürli kärdäki döredijilik bilen meşgullanýan raýatlar, goraghanalaryň hünärmenleri, şeýle-de fotosuratçylar işjeň gatnaşdylar. Hödürlenilen eserler makala, oçerk, ýol ýazgylary, zarisowka ýaly dürli žanrlarda, suratlar bolsa fotoreportaž görnüşinde bolup, redaksiýa tarapyndan bäsleşigiň soňky möhletine çenli jemi 80-e golaý awtoryň 122 işi, 21 fotosuratçynyň bolsa 24 sany suratlar toplumy hasaba alyndy. Olaryň ençemesi «Türkmenistan» gazetinde «Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi» atly rubrika astynda çap edilip, okyjylara ýetirildi.

Düzgünnamada görkezilen şertlere laýyklykda, eminler topary hödürlenen işleriň içinden has tapawutlananlaryny, iň mynasyplaryny saýlap-seçdiler. Baýrakly orunlara mynasyp görlen işler many-mazmuna, takyk maglumatlara baý bolup, olarda türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň ýylyň dürli möwsümlerine mahsus owadan keşbi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary, şeýle-de heniz mälim bolmadyk ýa-da doly öwrenilmedik täsinlikleri beýan edilýär.

Şeýlelikde, bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, «Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri aşakdaky tertipde kesgitlenildi.

Makala, oçerk, zarisowka, ýol ýazgylary ugry boýunça:

Baş baýrak

  • Ahmet Halmyradow, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň direktory, ýazyjy.

1-nji orun

  • Sapargeldi Durdyýew, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent;
  • Seýitmämmet Hydyrow, Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesiniň 10-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy;
  • Arazmyrat Amanow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy;
  • Selbi Aşirowa, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.

2-nji orun

  • Natalýa Muhammetjumaýewa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri;
  • Aziza Furkatžanowa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň ylym bölüminiň ylmy işgäri;
  • Ýaňybaý Rozykulyýew, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri;
  • Mahym Rozyýewa, «Türkmen gündogary» gazetiniň uly habarçysy.

3-nji orun

  • Hanmeňli Hojamämmedowa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Sünt-Hasardag» döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri;
  • Aknabat Potaýewa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy;
  • Şaniýaz Meňliýew, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Köýtendag» tebigy döwlet goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy;
  • Maral Orazmyradowa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni;
  • Aýnagözel Rasulowa, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy;
  • Diýar Yhtyýarow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň daşky gurşawy öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Fotosuratlar toplumlary boýunça:

  • Hasan Magadow, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy;
  • Ilaman Çüriýew, «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy;
  • Annanur Rejebow, «Nesil» gazetiniň fotohabarçysy;
  • Maksat Gylyjow, «Watan» gazetiniň fotohabarçysy;
  • Allamyrat Akmyradow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina biologiýasy we genetikasy kafedrasynyň mugallymy;
  • Andreý Pakulow, «Balkan» gazetiniň fotohabarçysy;
  • Ilaman Öwezow, «Daşoguz habarlary» gazetiniň fotohabarçysy;
  • Merdan Orazow, «Türkmen gündogary» gazetiniň fotohabarçysy;
  • Şagylyç Çaryýew, «Serhet abat – Döwlet abat» žurnalynyň uly tehnigi, dizaýneri-suratçysy;
  • Gulmämmet Çopanow, Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň