Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda saglygy goraýyş işgärlerine täze jaýlaryň açarlary berildi

22:0128.05.2022
0
5106

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna toý sapary saglygy goraýyş işgärleriniň bagtly maşgalalarynyň şatlygyny artdyran wakalara beslendi. Şol gün saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda asylly zähmet çekýän lukmanlara, şepagat uýalaryna täze jaýlardan öýler berildi.

Täze, döwrebap hassahanalaryň golaýynda ýerleşýän 4 gatly, her biri 24 öýli iki jaýyň gurluşyk işlerini «Türkmen çarwa» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Bu bagtly günde döwletli maşgalalar täze jaýda toý tutdular.

— Biziň maşgalamyza bu jaýyň birinji gatyndan dört otagly öý berildi — diýip, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Suraý Haljanowa guwanç bilen aýdýar: — Ýanýoldaşym Muhammet hem saglygy goraýyş işgäri, ol «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezinde lukman bolup işleýär. Täze jaýymyzyň otaglary, aşhanasy juda giň hem ýagty. Öýümizde häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän iň kämil durmuş enjamlary ornaşdyrylypdyr.

— Bu şatlykly günde täze jaýyň ikinji gatyndan üç otagly öý aldyk — diýip, welaýat köpugurly hassahanasynyň göz keselleri bölüminiň şepagat uýasy Miwe Ilmyradowa hem şatlygyny paýlaşýar: — Ýanýoldaşym welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmeni bolup işleýär. Özüm otuz ýyldan gowrak wagt bäri bu asylly kärde zähmet çekýärin. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwrebap hassahanada işlemek, täze jaýdan öýli bolmak bagty miýesser etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň