Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

23:4526.05.2022
0
12330

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň gol çeken kararyna laýyklykda, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge, Watanyň şan-şöhratly ösüşlerini çeper elleriniň, uz barmaklarynyň döredýän haly gölleridir nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşan ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezdi, şeýle-de eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezýän ussat halyçy hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny, şeýle hem «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň teklipnamasyny göz öňünde tutup, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Ogulgerek Berdimuhamedowa bu hormatly at dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň