Turkmenportal logo
23.05.22
94889488
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşky gurşawy goramak boýunça nobatdaky aksiýa Gökdepe kölüniň kenarynda geçirildi
Daşky gurşawy goramak boýunça nobatdaky aksiýa Gökdepe kölüniň kenarynda geçirildi

Gökdepe kölüniň kenarynda 60 töweregi adamyň gatnaşmagynda ýaşlar üçin sport-ekologiýa çäresi geçirildi.


Bu çäre kölüň daş-töweregini arassalamaklygy we tanap çekmek boýunça sport ýaryşlaryny öz içine aldy. Onuň dowamynda çagalar zerur halatlarda näsaga ilkinji kömegi bermegiň düzgünleri bilen hem tanyşdylar.


Aksiýa Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti, “Agama” Alp kluby we Aşgabat frisbi kluby bilen bilelikde guramagynda geçirildi.


Mundan ozal, Aşgabat şäheriniň daşky gurşaw meýletinçileriniň Kel-atanyň golaýyndaky ýerleri arassalandyklaryny habar beripdik.