Aşgabat şäherinde Teleradioýaýlymlar merkezine çenli täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

16:2213.05.2022
0
32111

Täze gatnaw ugry «Türkmenawtoulaglary» agentligi Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň işgärleri üçin ýola goýuldy diýip, awtoulag kärhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet teleradio düzüminiň işgärlerine 7-nji maýda sowgat berlen awtobuslar her gün 78-nji gatnaw ugry boýunça – Teleradioýaýlymlar merkezinden Köpetdag şaýoluna we ol ýerden yzyna hereket eder.

Gatnaw hyzmatyndan ähli isleg bildirýänleriň peýdalanyp biljekdikleri, töleg üçin bolsa awtobuslaryň stansionar walidatorlar bilen üpjün edilendigi bellenilýär.

Şäheriçi awtobus gatnawlarynyň tertibi barada anyk maglumatlar bilen "Duralga" mobil goşundysynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň