Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telewideniýesiniň işgärlerine täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi

11:0009.05.2022
0
22513

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça öňňin — 7-nji maýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işgärlerine täze ýolagçy awtobuslary sowgat berildi. Bu barada şu gün «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Milli telewideniýäniň we radioýaýlymlaryň işgärleri üçin niýetlenen ýolagçy awtobuslary türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessuryna laýyklykda kabul edildi. Täze awtobuslara aklygyň, päkizeligiň we rowaç durmuşyň nyşany bolan ak un sepildi we oňa dili senaly mährem zenanlaryň elinden çykan alajalar daňyldy. Ýolagçy awtobuslarynyň enjamlaşdyrylyşy, amatlylyk derejesi häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär. Döredijilik işgärleri bu sowgady şatlyk-şowhun bilen kabul edip, döwlet Baştutanynyň edýän aladasynyň özleri üçin uly mertebedigini aýratyn nygtadylar.

Täze gelen awtobuslarda döredijilik bilen meşgullanýan, ilhalar gepleşikleri taýýarlaýan döredijilik işgärlerini gatnadylyp başlandy. Ruhy göterilen döredijilik işgärleri bu pursatlary aýdym-sazly dabaralar bilen garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň