Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Gyzyl kürte» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy

17:3409.05.2022
0
5779

«Aşgabat» kinoteatrynda «Gyzyl kürte» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Kino muşdaklarynyň köpsanlysyny özünde jemlän kinoteatryň ekranlarynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanyp düşürilen filmiň görkezilişi uly gyzyklanma eýe boldy.

«Oguzhan» adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan surata düşürilen täze filmde Göwher atly gelniň durmuşy we türkmen zenanlarynyň gaýduwsyzlygy, batyrgaýlygy we zähmetsöýerligi suratlandyrylýar. Çeper filmiň goýujy režissýory Sahysalyh Baýramowdyr.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjylardyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ilkinji gezek mawy ekranda görkezilen «Gyzyl kürte» atly çeper filmiň dowamlylygy 80 minut. Filme Aşgabat şäherinde, şeýle-de Bäherden etrabynda, Bokurdak, Mämmetýar we Nohur obalarynda surata düşürildi. Onda uruş ýyllaryndaky türkmen durmuşy açylyp görkezilýär.

Çeper filmiň baş gahrymany Göwheriň keşbinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýna Jumaýewa çykyş edýär. Anna poçtalýonyň keşbinde Öwez Şarlyýew, Öwekge atly çaganyň keşbinde bolsa Ibrahim Baýramow çykyş edýär.

«Gyzyl kürte» atly filmiň ssenaristleri Öwezmyrat Berdimyradow bilen Atamyrat Şagulyýew. Täze film şu gün, ýagny 9-njy maýda «Altyn asyr: Türkmenistan» 19:25-de tomaşaçylara görkeziler. Mundan başga-da filmiň görkezilişi «Aşgabat» kinoteatrynda hem dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň