Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» PAK onlaýn dükanynda smart sagatlaryň satuwy ýola goýuldy

19:2905.05.2022
0
15763

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi saýty bolan market.turkmenpost.gov.tm onlaýn dükany täze harytlarynyň görnüşlerini artdyrýar.

Türkmenistanda kompýuterleri we elektron tehnikalaryny öndürýän «Agzybirlik tilsimaty» HK-nyň işläp taýýarlan smart sagatlarynyň birnäçe görnüşleri market.turkmenpost.gov.tm onlaýn dükanynyň saýtyna ýerleşdirildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Hytaý Halk Respublikasynyň «Hengsheng Lianhua Investment Management Co. Ltd.», «Tongfang Hongkong limited» öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredilen «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň öndürýän smart sagatlary diňe bir sagat ýa-da bezeg bolman, eýsem durmuşy belli bir derejede aňsatlaşdyrýan şahsy kömekçi bolup hyzmat edýär.

Belläp geçsek, häzirki wagtda «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň satlyga çykaran täze smart sagatlaryny diňe market.turkmenpost.gov.tm onlaýn dükanyndan satyn alyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň