Soňky habarlar

Arhiw

“Jadyly skripkalar” üçlügi Aşgabatda çykyş eder

11:5611.03.2015
0
3263

Aşgabat, 11.03.2015. “Türkmenportal”.

12-nji martda 19.00-da “Watan” kinokonsert merkezinde “Parahatçylygyň hatyrasyna saz” atly bilelikdäki türkmen-ysraýyl konserti geçiriler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan “Jadyly skripkalar” üçlüginiň gatnaşmagyndaky konsert ýatdan çykmajak baýramçylyk ruhuna beslener, skripkanyň şadyýan we täsirli owazy Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň hem myhmanlarynyň ýüreklerini ýyladar.

“Jadyly skripkalar” üçlügi diňe bir Ysraýylda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşda hem diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň