Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahana açylyp ulanylmaga berildi

11:4015.04.2022
0
5895
Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahana açylyp ulanylmaga berildi

Şu gün — 15-nji aprelde Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk täze köpugurly hassahana açylyp ulanmaga berildi. Dabara Balkan welaýatynda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm web-saýtynda habar berilýär.

Dabara gatnaşyjylar irden döwlet Baştutanyny Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň öňünde garşyladylar.

«Ussat inžener» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 7 gatly hassahanada dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak hem-de bejermek işleri göwnejaý ýola goýuldy. Täze hassahanada bölümleriň 27-si hereket eder. Olaryň hatarynda dolandyryş; maslahat beriş; funksional anyklaýyş; şöhle bilen anyklaýyş; kabul ediş; dogrum; ginekologiýa; göwrelileriň patologiýasy; çaga kesellerini we bäbekleriň patologiýasyny özünde jemleýän çaga keselleri; çagalar hirurgiýasy; äň-ýüz hirurgiýasyny öz içine alýan otolaringologiýa; angiohirurgiýa, ýanyk, oftalmologiýa orunlary bolan umumy hirurgiýa; uroandrologiýa; neýrotrawmatologiýa; iç keseller; newrologiýa; endokrinologiýa; toksikologiýa we gemodializ; kardiologiýa; onkologiýa; stomatologiýa; anesteziologiýa we reanimasiýa; operasiýa; tiz kömek; fizioterapiýa we dikeldiş; merkezleşdirilen barlaghana bölümleri hem-de gan banky bar.

Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasy Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil, innowasion lukmançylyk we tehniki enjamlary, saglygy goraýyş maksatly beýleki serişdeleri bilen üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alşylmagy boýunça hassahananyň ähli bölümlerinde sanly ulgam arkaly özara arabaglanyşyk ýola goýuldy.

Ýadyňyzda bolsa, Türkmenbaşy şäherinde täze açylan köpugurly hassahananyň gurluşyna 2019-njy ýylyň mart aýynda badalga berlipdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň