Arhiw

Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana açylyp ulanylmaga berler

23:4811.04.2022
0
6091
Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana açylyp ulanylmaga berler
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 11-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda welaýatyň Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkim T.Atahallyýewe welaýatyň çäginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesinde öz wagtynda tamamlanmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, olaryň, hususan-da Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan köpugurly hassahananyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň