«Ak gaýa» TSTB-niň sergisinde gurluşyk garyndylaryny tanyşdyrýar

16:4712.04.2022
0
4992

Türkmenistanda köp ýyllardan bäri gurluşyk materiallaryny öndürmekde we satmakda öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan «Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti şu günler Aşgabatda dowam edýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýeten derejelerini açyp görkezýän sergide önümlerini tanyşdyrýar.

Bu ýerde kärhananyň öndürýän önümlerinden islendik gurluşyk işinde ulanylýan gurluşyk we abatlamak üçin niýetlenen gury garyndylar, şol sanda suwag garyndylarynyň dürli görnüşleri, gurluşyk gipsi, şeýle-de gips karton listleri serginiň myhmanlaryna görkezilýär.

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti türkmen paýtagtynda senagatçylaryň we telekeçileriň gatnaşmagynda geçirilýän sergilere yzygiderli gatnaşýar. «Ak gaýa» kärhanasynyň gurluşygyň we otag abatlaýşyň dürli tapgyrlarynda ulanylýan suwag garyndylaryna gurluşyk kärhanalary tarapyndan uly isleg bildirilýär. Munuň sebäbi bolsa kärhananyň önümleriniň hili bilen bahasynyň laýyk gelýänligidir.

Kärhananyň ähli önümleri halkara hil şahadatnamalaryna eýe bolup, özüniň ekologik arassalygy bilen tapawutlanýar. «Ak gaýanyň» gurluşyk harytlary italýan, türk hem-de hytaý tehnologik enjamlary arkaly ýokary hilde taýýarlanylýar.

Belläp geçsek, «Ak gaya» gurluşyk we öý hojalyk harytlarynyň dükanlarynda hem santehnikanyň dürli görnüşi, gurluşyk harytlary, öýleri abatlamak üçin zerur bolan we islendik binagärlik maksatlaryny amala aşyrmak üçin niýetlenen gurallaryň köp görnüşleri hödürlenýär.

Şeýle hem mebeliň giň görnüşi bar - göni, burç we modully diwanlar we oturgyçlar, ofis stollary we oturgyçlar. Sport enjamlary - ulular we çagalar üçin welosipedler we skuterler, hojalyk tehnikasy we tutuş maşgala üçin harytlar.

Aşgabat şäherinde kärhananyň önümleri bilen şu salgylarda tanşyp bilersiňiz:

  • Terminal toplumy, «Ak gaýa» söwda merkezi. Telefon belgileri: 57-55-55 / +99365-41-10-10;
  • 2127-nji köçe (G.Kulyýew köçesi), 40-njy jaý (Ak gaýa). Telefon belgileri: 57-57-57 / 754375 / +99364-66-44-88;
  • «Ak tam» bazary terminal toplumy, 1-nji we 2-nji dükanlar. Telefon belgileri: +99365-54-62-32 / +99362-82-22-20.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň