Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabatdan Moskwa ýörite uçuş amala aşyryldy we türkmen raýatlary Minskden alnyp gaýdyldy

11:0009.04.2022
0
22893

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Moskwanyň «Domodedowa» howa menziline uçýan ýolagçylaryň sanawy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan düzüldi.

Moskwadan Aşgabada tarap ýola düşjek «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçary, «Minsk» milli howa menzilinden ýörite uçuş bilen Belarusyň paýtagtyndan türkmen raýatlaryny öz watanyna alyp gaýtdy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda, ýörite uçuş bilen Minskden Türkmenbaşy şäherine gelen türkmen raýatlary hökmany ýagdaýda karantin çärelerini berjaý ederler.

Bütin dünýäde ýüze çykan koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistanyň dünýäniň birnäçe ýurtlary bilen yzygiderli howa gatnawyny 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadandygyny bellemek gerek.

Türkmenistan ýörite uçuş bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlaryny öz watanyna getirmek boýunça degişli işleri alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň