Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda 20 sany gaz sazlaýjy we paýlaýjy desgalarda anyklaýyş işleri geçirilýär

11:1806.04.2022
0
7209

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary häzirki wagtda oturdylan 20 töweregi gaz sazlaýjy we gaz paýlaýjy desgalarda anyklaýyş işlerini geçirýärler, şeýle hem gaz torlaryndaky beton diregleri çalyşýarlar. Bu barada Nebit-Gaz web gazetinde habar berilýär

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda kärhananyň işçileri uzynlygy 550 km töweregi bolan dürli basyşly bitewi gaz ulgamynyň, şeýle hem 444 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalaryň durnukly işini ýola goýdular.

Habarda geçen ýylda gullugyň hünärmenleri tarapyndan «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri bilen bilelikde gaz geçirijileriniň geçirijilik ukybyny artdyrmak we gaz desgalaryny abatlamak boýunça birnäçe işler amala aşyrylandygy bellenilýär.

Mundan başga-da, Daşoguzyň «Nowruz», «Suwçy», «Merkez-1» ýaşaýyş toplumlary ýylyň islendik wagtynda «mawy ýangyçdan» bökdençsiz peýdalanmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle-de, Daşoguzyň «Gülistan» diýen ýerinde ilatyň gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen uzynlygy 8 müň 268 metr bolan orta basyşly gaz geçirijisi gaýtadan çekildi.

Belläp geçsek, kärhananyň ýanynda gaz enjamlarynyň we torlarynyň näsazlyklaryna gözegçilik etmek we aradan aýyrmak boýunça gulluk hereket edýär. Ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler tarapyndan gazyň we beýleki enjamlaryň hasabyny ýöretmek boýunça tehniki gözegçilik amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň