Uzak ýaşamaga ýardam edýän önüm belli edildi

18:1904.04.2022
0
2034
Uzak ýaşamaga ýardam edýän önüm belli edildi
Surat: mir24.tv

Gojalyga arkaýyn ýetmäge kömek edýän önüm belli edildi, alymlar onuň düwnügiň, ýokary holesteriniň we süýji keseliniň öňüni almaga mümkinçilik berýändigini nygtaýarlar. Ol artişok atly ösümlikdir diýip, “Medik Forum” habar berýär diýip, MIR24 ýazýar.

Hünärmenleriň pikirine görä, çogdam gülli, aşak tarapy ýognas ot bolan bu ösümligiň, ýagny artişogyň düzüminde dürli peýdaly aýratynlyklar köpdür. Ony ulanmak has uzak we sagdyn ýaşamaga kömek edýär.

Ýagny bu ösümlik fitonutriýentlere baýdyr, ol şonuň üçin hem ady tutulan we ýürek, bagyr hassalyklaryny bejermäge oňyn täsir edýär.

Artişok polifenol görnüşli güýçli antioksidantlary düzüminde saklaýar, bu düwnük keselleriniň dürli görnüşleriniň öňüni almakda we bejermekde mümkinçilik döredýär, şeýle-de ondaky hlorogen turşulygy holesteriniň möçberini azaltmaga ýardam edip, ýüregiň dürli sökelliklerinden goşmaça goragy üpjün edýär. Onda kaliniň köp bolmagy gan basyşyny sazlamaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, öň ýapon alymy Hdeki Wada gartaşan adamlaryň hemişe hereketde bolmagyny uzak ýaşamagyň şerti diýip häsiýetlendiripdi. Onuň aýtmagyna görä, köpçülige çykmak we adamlar bilen gürrüňdeş bolmak islemeýän garrylar tiz ýan berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň