Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrar

13:1523.03.2022
0
21780
Hindistanyň Prezidenti Türkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrar
surat: Tribune India

Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind 1-4-nji aprel aralygynda Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrar. Bu sapar hindi Lideriniň Türkmenistana ilkinji saparydyr.

«News On AIR» habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Ram Nat Kowindiň resmi sapary wagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

Taraplaryň şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen Merkezi Aziýa — Hindistan sammitinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek ýaly ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna, şeýle-de käbir resminamalara gol çekmeklerine hem garaşylýar.

«Türkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýollan gutlag hatynda Türkmenistana amala aşyrjak saparyna, ikitaraplaýayn duşuşyga we geçiriljek netijeli gepleşiklere sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belläpdi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň