Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

08:0020.03.2022
0
1143
Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär
surat: zee news.com

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada TDH habar berýär. Hindi Lideriniň hatynda, hususan-da şeýle ýazylýar:

«Hindistanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen gutlaýaryn.

Bizi gadymdan gelýän taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Olar häzirki döwürde ähli pudaklarda, şol sanda täze ugurlarda ösdürilýär. Men Türkmenistana amala aşyrjak saparym mahalynda Siziň bilen boljak duşuşyga we geçiriljek netijeli gepleşiklere sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň