Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ÝUNISEF deksametazon dermanlaryny gowşurdy

09:5616.03.2022
0
10017

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagat ministrligine deksametazon dermanlaryny gowşurdy. Umumy bahasy 413 müň amerikan dollaryna barabar bolan dermanlar ýurduň degişli saglygy goraýyş edaralaryna paýlanmak üçin niýetlenendir.

4,4 tonna derman gerdejiklerinden we ampulalardan ybarat deksametazon dermanlary kiçi we uly ýaşly hassalaryň bejergilerine ýardam beriji usul hökmünde dürli şertlerde ulanylýar. Aýratyn hem deksametazon agyr dem alyş ýokanjy bolan hassalary bejermekde ulanylýar.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilini orunbasary Aleksandr Nartea: «Bütin dünýäde ýüze çykan pandemiýa döwründe ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine yzygiderli goldaw berip gelýär. Dem alyş ulgamynda näsazlyklar bolan hassalaryň saglygy üçin peýdalydygy anyklanan deksametazonyň Türkmenistanda berilmegi her bir çaganyň sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň dowam edilýändigini görkeýär — diýip gürrüň berýär.

Mundan başga-da, ÝUNISEF-iň soňky ýyllarda ösüp gelýän çagalaryň we maşgalalaryň saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, olarda döreýän keselleriň öňüni almak maksady bilen lukmançylykda zerur bolan dermanlary, sanjymlary, lukmançylyk we arassaçylyk enjamlary bilen bagly satyn alyş we gowşuryş hyzmatlaryny yzygiderli amala aşyryp gelýändigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň