Şu gün Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda gelin-gyzlara bagyşlanan konsert boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, konserte mährem eneler, önümçiligiň öňdebaryjy zenanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we dürli pudaklarda işleýän gelin-gyzlar, «Ýylyň zenany» diýen hormatly ada mynasyp bolanlar we beýleki döredijilik gözden geçirilişiniň ýeňijileri, «Ene mähri» diýen hormatly ady alan köp çagaly eneler, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.
Köşgüň sahnasynda guralan konsertde Türkmenistanyň döredijilik işgärleri, meşhur tans we folklor toparlary, bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary we ýaşajyk artistler özleriniň ajaýyp çykyşlaryny, sungat eserlerini mähriban gelin-gyzlara, olaryň bagtyýar durmuşyna bagyşladylar. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde milli sazlar, nusgawy aýdymlar, zenan bagtyýarlygyna, wepadarlygyna, ene söýgüsine we yhlasyna bagyşlanan häzirki zaman hem-de halk aýdymlary ýaňlanyp, olar häzirki döwürde topragyň bahar howasy bilen janlanýan pursatlarynda emele gelen gözelligiň nusgasy hasaplanylýan gelin-gyzlaryň waspyny ýetirýän sena öwrüldi.
Konsertiň başynda «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly edebi-sazly kompozisiýany paýtagtymyzyň birleşen döredijilik toparlary we teatr artistleri meşhur aýdymçylar bilen bilelikde ýerine ýetirdiler.
«Mukam» skripkaçylar topary ajaýyp saz eserleri bilen konserte gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
«Birdir dünýä eneleriniň ýüregi» atly sazly kompozisiýa türkmen we daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirilip, bu çykyş «Şowhun» çagalar toparynyň joşgunly tanslary bilen utgaşdy. Çykyşda ýaş nesilleriň enelere bolan mähirli garaýşy, söýgüsi öz beýanyny tapdy.
Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasynda ruhubelentlik duýgularyna beslenen çykyşlara möhüm orun berildi. Artistler özleriniň ajaýyp döredijilikleriniň üsti bilen ýurduň dürli künjeklerinde yhlasly zähmet çekýän, çaga terbiýeleýän ynsanperwer eneleriň arzuwlarynyň amala aşýan ýurdunda alnyp barylýan beýik işleriň waspyny ýetirdiler.
Köşgüň ajaýyp sahnasynda meşhur sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň we belli estradaçylaryň çykyşlary utgaşyp, bir bitewi sazlaşygy emele getirdi.
Konsertiň dowamynda şorta söz ussatlary çykyş edip, özleriniň gülküli sahnalary bilen gelin-gyzlaryň şatlyklaryny has-da artdyrdylar.
«Ýöreýşi messan, waspy müň dessan» ady bilen ýaýbaňlandyrylan halk döredijiliginden parçalar ýörite guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Ony ýurdumyzyň bagşy-sazandalary «Serpaý» folklor toparynyň agzalary bilen bilelikde ýerine ýetirdiler.
Türkmen milli sungatynda gelin-gyzlaryň keşbine möhüm ähmiýet berilýär. Ol parahatçylyga, belent ruhuň çeşmesine bolan oňyn gatnaşygy, hormaty aňladýar. Gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň şahyrlary, ýazyjylary, sazandalary we suratkeşleri gelin-gyzlaryň gözelligini Aýa, Güne, ajaýyp güllere deňäpdirler, zenan gözleriniň waspyny ýetiripdirler, yşk mülküniň şasy hökmünde ykrar edilen nusgawy şahyr Mollanepesiň sözlerine döredilen «Leýli» atly ajaýyp çykyşy ýerine ýetiren artistleriň bilelikdäki aýdymy «Näzli» döwlet tans toparynyň çykyşlary bilen utgaşyp, ýatda galyjy pursatlara beslendi.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda döwürleriň arabaglanyşygy, milli dessurlaryň we häzirki zaman döredijiliginiň özboluşly ugurlarynyň sazlaşygy öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň aýdymçylarynyň we folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Küştdepdi» aýdymly tansy konserte gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen utgaşdy.