Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi

15:3724.02.2022
0
6113
Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi

Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde futbol boýunça Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligi boldy, bu barada AFK-nyň metbugat gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Bije çekişligiň netijesinde her birinde 4 ýygyndy bolan 6 toparça düzüldi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň ýygyndy toparlary bilen bir toparça düşdi. Milli ýygyndymyzyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde bir tapgyrda 8-nji, 11-nji we 14-nji iýunda Malaýziýada geçiriler.

Saýlama tapgyryň ahyrynda toparçalaryň ýeňijileri we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň arasynda iň gowy netije gazanan bäşisi ― jemi 11 ýygyndy Aziýanyň Kubogy ― 2023-iň final bölegine gatnaşmaga hukuk gazanar.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy duşuşyklary kabul etjek ýurtlar hökmünde 6 ýurdy, ýagny Hindistany, Kuweýti, Gyrgyzystany, Malaýziýany, Mongoliýany we Özbegistany tassyklady.

Aziýanyň Kubogy — 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginiň netijeleri:

A toparça: Iordaniýa, Kuweýt (ýer eýesi), Indoneziýa, Nepal;

B toparça: Palestina, Fillipinler, Ýemen, Mongoliýa (ýer eýesi);

C toparça: Özbegistan (ýer eýesi), Taýland, Maldiw adalary, Şri-Lanka;

D toparça: Hindistan (ýer eýesi), Gonkong, Owganystan, Kamboja;

E toparça: Bahreýn, Türkmenistan, Malaýziýa (ýer eýesi), Bangladeş;

F toparça: Gyrgyzystan (ýer eýesi), Täjigistan, Mýanma, Singapur.

Eýran, Koreýa Respublikasy, BAE, Liwan, Yrak, Siriýa, Saud Arabystany, Ýaponiýa, Awstraliýa, Oman, Wýetnam, Hytaý we Katar ýaly döwletleriň ýygyndy toparlarynyň Aziýa Kubogy — 2023-iň final böleginde çykyş etmäge hukuk gazanandygyny hem bellemelidiris.

Bu ýaryş 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny — 16-njy iýuly aralygynda Hytaýda geçiriler. Ýurduň Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn we Suçžou ýaly şäherleri Aziýanyň Kubogynyň oýunlaryny kabul eder. Hytaý Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşy öz taryhynda ikinji gezek geçirer. Ilkinji gezek Aziýanyň Kubogy bu ýurtda 2004-nji ýylda geçirilipdi.

Häzirki wagtda bu ýaryşa 24 ýygyndynyň gatnaşmagy hakynda çözgüt kabul edildi.

Aziýanyň Kubogynyň häzirki ýeňijisi Kataryň ýygyndy toparydyr. Ýaryşyň taryhynda iň köp ýeňiş gazanan topar bolsa Ýaponiýanyň milli ýygyndysydyr.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji gezek 2004-nji ýylda Hytaýda, 2-nji gezek bolsa 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final böleklerine gatnaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň