Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» kluby futbol boýunça klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda Ispaniýanyň «Atletiko» (Madrid) klubyny 4:0 hasaby bilen ýeňdi. «B» toparçasynyň duşuşygy Amerikanyň Pasadena şäherinde (Kaliforniýa ştaty) geçdi.
Çempionlar ligasynyň şu möwsümdäki ýeňijileriniň düzüminde gollary Fabian Ruis (19-njy minut), Witinýa (45+1), Senni Meýulýu (87) we Li Kan In (90+7, penaltiden) geçirdiler. Madridlileriň goragçysy Kleman Langlet 78-nji minutda ikinji sary kartoçkany alanlygy üçin meýdançadan çykaryldy.
19 iýunda geçiriljek ikinji tapgyrda «PSŽ» Braziliýanyň «Botafogo» kluby bilen, «Atletiko» bolsa «Siýetl Saunders» amerikan klubynyň garşysyna oýnar.
Günüň beýleki oýnunda Mýunheniň «Bawariýasy» Täze Zelandiýanyň «Oklend Siti» klubyny 10:0 hasaby bilen ýeňdi. «C» toparçasynyň oýny ABŞ-nyň Sinsinnati şäherinde geçdi.
Germaniýanyň häzirki çempionlarynyň düzüminde Jamal Musiala het-trik (68, 73, 84-nji minutlar) geçirdi, ol gollarynyň birini penaltiden geçirdi. Maýkl Olise (20, 45+3), Tomas Müller (45, 89) we Kingsli Koman (6, 22) iki goldan geçirdiler. Oýunda şeýle hem Saşa Boe (18) tapawutlanmagy başardy.
Bawariýaly klub futbol boýunça klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň oýunlarynda netijelilik rekordyny täzeledi, ol 2021-nji ýylda öňki görnüşdäki oýunlaryň çäklerinde «Al-Jazirany» (BAE) 6:1 hasaby bilen ýeňen saudlylaryň «Al-Hilal» klubynyň üstünliginden geçdi. «C» toparçasynda şeýle hem Argentinanyň «Boka Huniors» we Portugaliýanyň «Benfika» çykyş edýärler.
Futbol boýunça klublaryň arasynda geçirilýän çempionaty ilkinji gezek 32 toparyň gatnaşmagynda geçirilýär. Ýaryşyň finaly 13-nji iýula bellendi.