Soňky habarlar

Arhiw

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar prezidentlige dalaşgärleriň ýene üçüsini bellige aldy

22:3121.02.2022
0
9125

21-nji fewralda Aşgabatda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Ahal we Mary welaýatlarynyň raýatlarynyň teklipçiler toparlarynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň iň ýokary döwlet wezipesine hödürlän dalaşgärlerini bellige almak meselesi girizildi.

Bu barada türkmen telewideniýesiniň "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi, “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowy bellige aldy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine bellige alnan dalaşgärlere degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň