Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy

21:4915.02.2022
0
7838
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy. Dalaşgäre Merkezi saýlaw toparynda şahsyýetnama gowşuryldy.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşdylar.

Dalaşgärleri bellige almak dowam edýär.

«Türkmenportal» habarlar portalynda habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç dalaşgärlige hödürlenildi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň