Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 14-nji fewralda saýlaw möwsümi başlanýar

21:5113.02.2022
0
21023

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ýurduň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy möhletinden öň saýlawlary geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär. Mejlisiň dowamynda saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasy tassyklanyldy. Habar berlişi ýaly, saýlawlaryň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň milli synçylary bilen birlikde halkara bilermenler we synçylar hem syn ederler.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere şu gün badalga berildi. 14-nji fewraldan bolsa syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçiler toparlary ýokary döwlet wezipesine özleriniň dalaşgärlerini hödürlemek boýunça ýygnaklary geçirip başlarlar.

«Türkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, 12-nji martda Türkmenistanda möhletinden öňki Prezident saýlawlary geçiriler. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda möhletinden öňki saýlawlary geçirmek we döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek, özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigi baradaky başlangyjy 11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe sürüpdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň