Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi teklip etdi

22:4111.02.2022
0
39925

11-nji fewralda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara ýüzlenip: «Biziň häzirki döwürde amala aşyrýan işlerimiz ýaşlarymyz üçin edilýär. Olaryň köpüsi Garaşsyz Watanymyz bilen ýaşytdaş. Ýakyn wagtda olar eziz Diýarymyzyň kämil raýatlary bolarlar, biziň bellän wezipelerimizi işjeň durmuşa geçirmäge gatnaşarlar. Şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüş ýoluny olar kesgitlemelidir» diýip belläp geçdi.

— Siziň bilşiňiz ýaly, 15 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilipdi. Şol saýlawlarda mähriban halkymyz örän uly ynam bildirip, meni döwletimiziň iň ýokary wezipesine saýlady.

Bu belent ynamy 2012-nji, 2017-nji ýyllarda geçirilen ählihalk saýlawlarynda hem örän aýdyňlygy bilen duýdum. Agzybir halkymyzyň şeýle belent ynamy hem ýakyn goldawy netijesinde, bu ýyllarda biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämizi öňe sürmek bilen, täze ösüş ýolunda örän möhüm ädimleri ätdik, giň gerimli maksatnamalary, halkara derejeli iri taslamalary durmuşa geçirdik. Bu işler garaşsyz ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermäge gönükdirildi. Merdana watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda bu ugurdaky maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrdyk we amala aşyrýarys.

Şeýlelikde, men Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin. Şol bir wagtda hem men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýärin.

Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym. Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin.

Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin.

Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin.

Döwlet Baştutanynyň jogapkärli wezipesinde işlemek bilen, ýurdumyzy ösdürmekde el-ele berip gazanan uly üstünliklerimiz üçin ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Mundan beýläk-de mähriban Watanymyz, merdana halkymyz, nesilleriň abadan durmuşy, beýik ykbaly üçin yhlasymy gaýgyrmajakdygyma, eziz watandaşlar, hormatly adamlar ýene-de ençeme gezek, sizi ynandyrýaryn — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň