Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow: «Baş maksadym mydama halkymyzyň bagtyýar durmuşy bolar»

11:0615.02.2022
0
5325

12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow öz maksatlary barada ilkinji gezek düýn ― bu ýokary döwlet wezipesine Demokratik partiýa tarapyndan dalaşgär görkezilende aýtdy.

Ol bildirilen ynam üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, onuň örän uly jogapkärçilikdigini hem-de bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, eger, özüniň ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mundan beýläk hem ata-babalarymyzyň ruhy, mirasyna ýugrulan ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, ähli-ukyp başarnygyny gaýgyrman, Watanymyz, halkymyz üçin, milletiň Lideriniň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, tutanýerli we döredijilikli tutumlar bilen beýik maksatlara ýetmek ugrunda zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Meniň ähli aladam, baş maksadym mydama halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwletimizi täze döwürde ösüşlere we galkynyşlara beslenen ýurda öwürmek ugrundaky tagallalar bolar diýip Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde duran saýlawlarynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň ýokary mekdebiniň, halk häkimiýetiniň ösdürilmeginiň ýene-de bir hakyky dabaralanmasy boljakdygyna ynam bildirdi.

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy” tassyklanyldy. Onuň amala aşyrylmagy biziň öňümizde mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen belent maksatlary hem-de wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow bellenen maksatlary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

— Men öz halkyma, onuň belent we mizemez ruhuna, biziň ählimiziň bilelikde barha jebisleşip, mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, eziz Türkmenistany has-da özgertjekdigimize, öz ajaýyp, bagtyýar geljegimizi gurjakdygymyza pugta ynanýaryn — diýip, döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgär aýtdy.

Şeýle hem wise-premýer Demokratik partiýanyň ähli agzalarynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen binýatlyk ýörelgä esaslanyp, ägirt uly başlangyçlaryň we işleriň amala aşyrylmagynda goldaw berjekdiklerine ynam bildirdi.

Sözüniň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow uly ynam bildirilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgärlige hödürlenilendigi üçin hoşallyk bildirmek bilen, öz gezeginde, bu ynamy ödemek üçin zehinini, bilimini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň