Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kärhanalary eksport mümkinçiliklerini artdyrýar

13:5506.02.2022
1
6606

«Täjir ýoly» hususy kärhanasy özüniň öndürýän harytlarynyň görnüşini köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, harytlaryny dünýä bazarlarynda giňden eksport etmegi hem maksat edinýär. Bu barada «Rysgal» gazetinde habar berilýär.

2018-nji ýyldan bäri Mary şäherinde iş alyp barýan hususy kärhana, özüniň «MBM» markasynyň ýokary hilli süýgüçleriň ýylda 2 milliona golaýyny öndürýär. Türkmenistanyň çäginde ýeňil we ýük ulaglary üçin dürli görnüşli ýagly, howalandyryjy we ýangyç filtrlary, gurluşyk we oba hojalyk önümleri uly isleg bilen ulanylýar.

Häzirki wagtda bu hususy kärhana, öz harytlaryny Täjigistan we Gyrgyzystan Respublikasyna eksport edýär. Gazagystanda işjeň toparlaryň arasynda «Täjir ýoly» hususy kärhanasynyň önümleri uly gyzyklanma döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Omar123 ( 06.02.2022 )

здравствуйте, а как посетить сайт данного предприятия?

0