Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara goldaw bermek üçin täze kanun dörediler

21:4403.02.2022
0
6552

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan kanunçykaryjylyk işi hem-de Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi.

Mejlisiň 2022-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Häzir Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny hem-de türkmen jemgyýetiniň beýleki ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar. Şolaryň hatarynda Jenaýat, Raýat kodeksleriniň rejelenen görnüşleri, «Notariat we notarial işi hakynda», «Itçilik we kinologiýa hakynda», «Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip «Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Kanuna ünsi çekip, eneligi we çagalygy goldamak, köp çagaly maşgalalara ýardam bermek boýunça Türkmenistanda geçirilýän işler bilen baglylykda, bu resminamanyň ähmiýetini belledi.

Belläp geçsek, şu ýylyň 1-nji ýanwarynda Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy baradaky Türkmenistanyň kodeksine girizilen üýtgetmeler güýje girizildi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň