Amerikan aktýory we başa-baş söweş sungatlarynyň ussady Bob Uoll aradan çykdy

14:2102.02.2022
0
911

Amerikan aktýory we başa-baş söweş sungatlarynyň ussady Bob Uoll 82 ýaşynda ýurduny täzeledi, bu barada TMZ neşiri aktýoryň ýakynlaryna salgylanyp, habar berýär.

Neşir onuň dogan-garyndaşlarynyň: «Maşgala onuň üçin durmuşda iň esasy zatdy, Bob biziň daýanjymyzdy. Onuň aramyzdan gitmegi bilen kalplarymyzda boşluk döredi. Ol biziň daýanjymyzdy» diýen sözlerini getirýär.

Bob Uoll 1939-njy ýylda Los-Anjelesde dünýä indi, okinaw başa-baş söweş sungatlaryny öwrendi, 1966-njy ýylda karate boýunça ussat Jo Lýuis bilen bilelikde karate mekdebini açdy.

Ol dokuzynjy derejeli gara guşagyň eýesidi, belli aktýor Çak Norrisiň ýolbaşçylygynda türgenleşdi, olar bilelikde köp ýyllap işewürlik bilen meşgullandylar. Ol Norrisiň filmlerinde birnäçe kiçi keşpleri döretdi.

1972-nji ýylda Bobuň rowaýaty aktýor Brýus Li bilen surata düşen «Aždarhanyň ýoly», 1973-nji ýylda «Aždarhanyň çykyşy» diýen filmleri ekranlara çykdy, bu filmleriň soňkusy gündogar başa-baş sungatlary bilen tanyşdyrýan ilkinji Golliwud filmi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň