Soňky habarlar

Arhiw

«EXPO ― 2020-de» Türkmenistanyň Döwlet muzeýine wirtual gezelenç guralýar

11:3731.01.2022
0
8629

Dubaýda geçirilýän «EXPO ― 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň bölümine gelenler ýurduň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bahasyna ýetip bolmajak taryhy gymmatlyklary tanyşdyrýan wirtual gezelenje çykmaga mümkinçilik alýarlar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.

Wideogezelenç Döwlet muzeýiniň taryhy gymmatlyklary bilen tanyşmakdan başlanýar. Daş asyrynda adamlaryň ýaşaýyş şertleri, ilkinji daýhanlar, bürünç asyrynyň täsin medeniýeti, Altynpede, Marguş medeniýetleri barada gürrüň berilýär. Sergä gatnaşyjylar taryhyň iň güýçli döwletleriniň biri bolan Parfiýa nesilşalygy baradaky gyzykly maglumatlary hem alyp bilýärler.

COVID-19 pandemiýasy sebäpli Bütindünýä sergisiniň bir ýyl yza süýşürilendigini ýatladýarys. Onuň açylyş dabarasy geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda boldy. Sergi öz işini 31-nji marta çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň