Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry geçirildi

18:2918.01.2022
0
2178

Şu gün — 18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň garamagyndaky Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 1-nji tapgyrynyň 3-nji oýny geçirildi. Oňa bäsleşigiň bu tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan mekdep okuwçylarynyň 8-si gatnaşdylar.

Bäsleşigiň nobatdaky tapgyry «Garahanly we Gaznaly türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» temasy boýunça geçirildi. Bäsleşigiň başynda okuwçylar Oguz hanyň sekizburç ýyldyzynyň çüňklerinde durdular. Soňra bäsleşigiň senasy ýaňlanyp, bäsleşik üçin taýýarlanan wideorolik görkezildi. Okuwçylar bäsleşige baha berjek «Pähimdarlar geňeşi» bilen tanyşdylar.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry 5 sany sowal-jogap menzilinden ybarat boldy. Onuň birinji menzilinde Garahanly türkmen döwletine, ikinji menzilinde Garahanly-Gaznaly döwletleriniň özara gatnaşyklaryna, şeýle-de olaryň beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryna, üçünji menzilinde Gaznaly türkmen döwletine, dördünji menzilinde Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat et-türk» ýagny «Türki dilleriň diwany» atly eserindäki halkara gatnaşyklary, we diplomatiýa baradaky adalgalara we dessurlara, bäşinji menzilinde bolsa Garahanly we Gaznaly türkmen döwletleriniň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň taryhy mirasyna degişli sowallar berildi. Her gatnaşyjy «Sowallar sandygyndan» mürzeleriň paýlamagyna öz sowallaryny çekip aldylar.

Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijesinde Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Diana Bespalowa bilen Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew dagy garşydaşlaryndan saýlanyp ýeňiji bolmagy başardylar.

Bäsleşik tamamlanandan soňra, oňa gatnaşan mekdep okuwçylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna gezelenje gidip, ol ýerde saklanýan gymmatlyklar, golýazmalar, taryhy maglumatlar bilen tanyşdylar.

Akyl-paýhas bäsleşiginde «Pähimdarlar geňeşi» hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow bilen şol institutyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň uly ylmy işgäri Orazgeldi Aşyrow dagy eminlik etdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan, şeýle-de oňa işjeň gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary bilen birlikde, bäsleşigiň hemaýatkärleriniň taýýarlan sowgatlary gowşuryldy.

Belläp geçsek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Milli Ýaý atyjylyk federasiýasy, «Röwşen» aýakgaplary hususy kärhanasy, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler.

Akyl-paýhas bäsleşigi ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymy arkaly tomaşaçylara görkeziler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň