Turkmenportal logo
24.12.21
19301930
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 3-nji tapgyrynyň geçiriljek senesi mälim edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 3-nji tapgyrynyň 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda «Garahanly we Gaznaly türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» temasy boýunça geçirilýänligini mälim edildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň web saýtynda habar berilýär.


Akyl-paýhas bäsleşiginiň guramaçylyk topary bäsleşigiň 3-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylara degişli edebiýatlary okamagy maslahat berýär.