Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ilçihanasy Türkmenistandan indiki ýörite uçuşyň senesini yglan etdi

13:1410.12.2021
0
15954

2021-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenabat — Moskwa gatnawy boýunça Sibir howa ýollarynyň indiki ýörite uçuşy amala aşyrylar. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda ýerleşdirildi.

S7 8536 uçuşy Domodedowo halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda hem görkezilýär.

Bu ýörite uçuş şu ýylyň dowamynda 30-njy, dekabr aýynda bolsa amala aşyryljak ikinji uçuş bolar. Belläp geçsek, soňky gezek şeýle uçuş 8-nji dekabrda amala aşyrylypdy.

Ýadyňyzda bolsa, dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky yzygiderli gatnawlar 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri togtadylypdy.

Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasyna girmek üçin esaslary bolan rus raýatlary we daşary ýurt raýatlary Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ýörite uçuşyndan peýdalanyp bilerler. Çeşmäniň habaryna görä, Türk howa ýollary 12-nji dekabrda ýörite uçuşy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň