Arhiw

TÝL ― 2021: «Aşgabat» «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi

21:3329.11.2021
0
2821
TÝL ― 2021: «Aşgabat» «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäginde şu gün «Aşgabat» «Energetigi» kabul etdi. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 5:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda «Aşgabadyň» gollaryny 18-nji minutda Şatlyk Gurbanow, 53-nji we 60-njy minutlarda Gurbangeldi Sähedow, 80-nji minutda Döwran Hojamämmedow, 87-nji minutda bolsa Meýlis Gaýlyýew geçirdi.

Paýtagtymyzyň adybir topary bu ýeňişden soň utugyny 9-a çykardy. «Aşgabat» häzir ýaryş tertibiniň altynjy ornunda.

“Aşgabat” – “Energetik” – 5:0

Gollar: 18 Şatlyk Gurbanow, 53, 60 Gurbangeldi Sähedow, 80 Döwran Hоjamämmedow, 87 Meýlis Gaýlyýew (“Aşgabat”)
Duýduryşlar: 22 Hydyrgeldi Atdjanow, 43 Daýanç Nuryýew, 86 Batyr Täçnazarow, 89 Daýanç Meredow (“Aşgabat”) – 3 Serdar Annamämmedow, 66 Batyr Geldiýew, 70 Garly Garlyýew (“Energetik”)
Meýdandan çykarylan: 41 Serdar Annamämmedow, ikinji duýduryş (“Energetik”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň