«Lenovo» kompaniýasy iki displeýli noutbuklary döretmegiň üstünde işleýär

10:3715.11.2021
0
798

«Lenovo» kompaniýasy iki displeýli noutbuklary döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada «Biznes Reklama» gazetiniň 15-nji noýabrdaky sanynda habar berilýär.

«Lenovo» kompaniýasynyň iki displeýli noutbuklary «ThinkBookPlus» diýlip atlandyrylar. Täze modeliň 17 dýuýmlyk esasy ekrany we kiçi goşmaça ekrany bolar. Ikinji ekran klawiaturanyň sag tarapyndaky giňişlige ýerleşdiriler.

Displeý sensor arkaly işegiriziler. Ikinji ekran goşmaça maglumatlary görkezmek üçin ulanylar. Şeýle hem displeý şekiller we çyzgylar bilen işlemek üçin ulanylyp bilner.

«ThinkBookPlus» noutbukynyň 2022nji ýylda bazara goýberilmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň