Türkmenistanyň Prezidenti býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça hem zerur çäreleriň geçirilmelidigini belledi

23:3105.11.2021
0
7583

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň 10 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça hem zerur çäreleriň geçirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutany maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, maýa goýumlary köpräk çekmek we bu ugurda tutanýerli işlemek, ilkinji nobatda, döwlet çykdajylarynyň möçberini we netijeli bolmagyny gözegçilikde saklamak meseleleriniň wajypdygyny belledi.

Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen bilelikde, geljek ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar. Her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň anyk meýilnamasy bolmalydyr. Gurluşyk maksatnamasyna aýratyn üns bermeli diýip, milletiň Lideri belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň