Nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümlerini öndürmegiň möçberi artdy

13:2112.01.2015
0
3832

«Turkmenportal», 12-nji ýanwar, Aşgabat.   

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň (YET) kärhanalary 2014-nji ýyly gowy netijeler bilen jemlediler. Çig nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini 103,2 göterime, ugurdaş we tebigy gazyň ösüş depgini 111,1 göterime, „mawy ýangyjy“ daşarky bazara ýerlemegiň ösüş depgini bolsa 111,2 göterime deň boldy. 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende nebiti gaýtadan işlemegiň we nebit önümlerini, şol sanda awtoulag benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudyny, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň möçberleri artdy.

Geçen ýyl uly taslamalaryň – Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň, „Galkynyş“ gaz känini senagat taýdan özleşdirilişiniň ikinji tapgyrynyň çäginde gazy gaýtadan işleýän zawodyň, Ahal welaýatynda gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Nebitgaz senagatyny mundan-da beýläk diwersifikasiýalaşdyrmak we ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, 2015-niji ýylda birnaçe taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň, tebigy gazdan benzin, dizel ýangyjy we awiokerosin öndürýän zawpdyň gurluşygyna başlamak bellenildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň