Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mugallymyň ylmy işi halkara bäsleşiginde baýrakly orna eýe boldy

16:3302.11.2021
0
14603

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy Mährijemal Nazarowanyň ylmy işi «Научные достижения высшей школы-2021» halkara bäsleşiginiň “Filologiýa ylymlary” ugry boýunça baýrakly ikinji orny eýeledi. Bu barada “«Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.

Mährijemalyň “Sanlylaşdyrma döwründe ahlakly adamyň kemala gelmeginde daşary ýurt dilleriniň orny we hyzmaty” atly temadan ýazan işi bäsleşigi guraýjy Ylmy hyzmatdaşlygyň halkara merkeziniň “Täze ylym” guramasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen makalalaryň ýygyndysynda çap edildi.

“Täze ylym” guramasy neşirýatçylaryň «Publishers International Linking Association» ylmy edebiýatlaryň halkara birleşiginiň agzasydyr. Guramanyň maksad häzirki zaman ylmy gözlegçilere we täzeçil çemeleşijilere gözleg işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmek bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň