Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly toparlar halkara kinofestiwala gatnaşýarlar

10:4622.10.2021
0
14067

Almaty şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda «48 sagatda film» atly gysga göwrümli filmleriň halkara festiwaly geçirilýär. Bu festiwala Türkmenistandan hem bäş film hödürlenildi.

Olar Aza Nizi Maza toparynyň «Men siziň gowy dostuňyz», Katarsis toparynyň «Ertir», «MM Prodaction» (Myrat Mollaýew) toparynyň «Durmuşy hasaplamak», «Primestory» toparynyň «Awtojogapberiji» we «Team TKM» toparynyň «Kyýamat güni» atly filmleridir.

«48 sagatda film» ― kino älemindäki hünärmenlere we höwesjeňlere zehinini dünýä açmaga mümkinçilik berýän özboluşly taslama. Bäsleşigiň esasy şerti eýýäm onuň adynda görkezilýär. Gatnaşyjy ilki bilen elektron poçta arkaly guramaçylyk toparyna ýüz tutmaly. Olara guramaçylar tarapyndan berlen tabşyryk 48 sagadyň dowamynda doly berjaý edilmeli. Döredijilik toparlary şu wagtyň içinde filmiň edebi esasyny ýazyp, surata düşürip, kebşirläp we guramaçylyk toparyna ugradyp ýetişmeli.

Halkara bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän toparlaryň sany eýýäm müňe golaýlady. Filmleriň dowamlylygy 4 minutdan köp bolmaly däl. Özi hem olarda guramaçylar tarapyndan berlen suw, 30 belgili san, «Elbetde, kyn däl!» diýen aýtgy we ylgaýan adam bolmaly. Bu şertler bäsleşigiň adalatly geçirilmegi üçin goýuldy.

Eminler hödürlenen işleriň içinden iň gowy 48 sanysyny saýlap, ýeňiji hökmünde yglan ederler. Festiwalda öňe saýlanan naýbaşy eseriň awtory bolsa Nýu-Ýorkuň film akademiýasynda okamak hukugyna eýe bolar. Şeýle hem ýeňijilere gowşuryljak baýraklaryň arasynda 2500 dollar, SONY ILC-E6400L surata düşüriji enjamy ýaly iri baýraklar bar.

Kinofestiwala hödürlenen işleriň doly sanawy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň