Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Çempionlar ligasy: Toparçadaky duşuşyklar dowam edýär

15:0020.10.2021
0
781

Şu günler dünýäniň uly futbol ýaryşlarynyň biri bolan UEFA Çempionlar ligasynyň toparçadaky oýunlary geçirilýär. Oňa Ýewropanyň ägirt toparlary özleriniň täze düzümleri bilen gatnaşýarlar.

Düýn ýaryşyň toparçadaky 3-nji tapgyrynyň ilkinji 8 duşuşygy geçirilip, özboluşly netijelere eýe boldy. Onda adatdan daşary, ýagny ösüp barýan toparlaryň öňdebaryjy ligalaryň liderlerinden üstün çykmagy ýaly täsinlik ýüze çykmady. Tersine, duşuşyklarda Ýer ýüzüniň janköýerler köpçüligi tarapyndan garaşylýan netijeler gazanylyp, oýunlar tejribeli toparlaryň 3 utuk gazanmagy bilen tamamlandy.

Toparçadaky 3-nji tapgyryň ilkinji geçirilen 8 duşuşygynyň netijeleri:

  • “Beşiktaş” (Türkiýe) - “Sporting” (Portugaliýa) — 1:4
  • “Brýugge” (Belgiýa) - “Mançester Siti” (Angliýa) — 1:5
  • “Şahtýor Donetsk” (Ukraina) - Madridiň “Realy” (Ispaniýa) — 0:5
  • “PSŽ” (Fransiýa) – “Leýpsig” (Germaniýa) — 3:2
  • “Atletiko Madrid” (Ispaniýa) – “Liwerpul” (Angliýa) — 2:3
  • “Inter” (Italiýa) – “Şerif” (Moldowa) — 3:1
  • “Aýaks” (Niderlandlar) – “Borussia Dortmund” (Germaniýa) — 4:0
  • “Porto” (Portugaliýa) – “Milan” (Italiýa) — 1:0

UEFA Çempionlar ligasynyň şu günki geçiriljek duşuşyklarynyň wagty (Aşgabat wagty bilen):

  • “Red bull Salzburg” (Awstriýa) – “Wolfsburg” (Germaniýa) — sagat 21:45-de;
  • “Barselona” (Ispaniýa) – “Dinamo Kiýew” (Ukraina) — sagat 21:45-de;
  • “Lill” (Fransiýa) – “Sewilýa” (Ispaniýa) — sagat 00:00-da;
  • “Mançester Ýunaýted” (Angliýa) – “Atalanta” (Italiýa) — sagat 00:00-da;
  • “Zenit” (Russiýa) – “Ýuwentus” (Italiýa) — sagat 00:00-da;
  • “Benfika” (Portugaliýa) – “Bawariýa” (Germaniýa) — sagat 00:00-da;
  • “Çelsi” (Angliýa) – “Malmö” (Şwesiýa) — sagat 00:00-da;
  • “Ýaň boýz” (Şweýsariýa) – “Wilýareal” (Ispaniýa) — sagat 00:00-da.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň