Mozambik uglerod zyňyndylaryny azaldandygy üçin Tokaý uglerod hyzmatdaşlygy gaznasyndan (FCPF) töleg alan ilkinji ýurt boldy. Bütindünýä bankyndan 6,4 million dollar möçberindäki pul ýurduň uglerod zyňyndylaryň derejesine gözegçilik etmek bilen bagly resmi hasabatdan soň berildi. Netijede bolsa Mozambik uglerod zyňyndylaryny 1,28 million tonna azaltmagy başardy.
Secretmag.ru-nyň Club of Mozambique neşirine salgylanyp habar bermeginde: “Bütindünýä banky üçin bu töleg oba hojalygynyň durnukly tejribesini ornaşdyrmak we tokaý baýlyklarynyň ulanylyşyna gözegçilik etmek, zyňyndylary azaltmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde Mozambikiň goşandyny ykrar edýär” – diýlip bellenilýär.
6,4 million dollar töleg Zambeziýa welaýatynyň dokuz etrabynda — Alto Molokue, Gile, Gurue, Ile, Maganja da Kosta, Mokuba, Mokubela, Mulewala we Pebane etraplarynda tokaýlaryň çapylmagyny we ýerleriň zaýalanmagyny azaltmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamanyň dört töleginiň ilkinjisidir. Bu ýerlerde ýyllyk köpçülikleýin tokaýlaryň çapylmagy ýerli fermerleriň tokaý agaçlaryny çapmagy, şeýle-de kömür taýýarlanylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Amala aşyrylýan işleriň çäginde şeýle-de ýerli jemgyýetiň tokaýlaryň çapylmagyny azaltmakdaky goşantlary üçin tölegleri almagy meýilleşdirilýär.