Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Botanika bagynda täsin Kallistemon gülledi

20:4812.10.2021
0
6479

Awstraliýanyň endemik kallistemon sitrinusy (latynçada Callistemon sitrinus) Aşgabat Botanika bagynda açyk ýerde gülleýär, oňa gyzyl ot ösümligi hem diýilýär. Ol hemişe gök öwüsýän gyrymsy agaçlaryň ýa-da ownuk agaçlaryň mirtowlar maşgalasyna degişlidir.

Häzirki wagtda Botanika bagynda iki sany kallistemon agajy bar. Olaryň biri ýyladyşhanada, beýlekisi açyk meýdanda ekilen. Uzak wagt bäri ösümligiň ekologik aýratynlyklaryny öwrenýän Botanika bagynyň hünärmenleri kallistemony ýetişdirmek, onuň ýerli toprak-howa şertlerimizde ösmegine uýgunlaşdyrmak üçin zerur işleri alyp bardylar. Häzirki wagtda hem şeýle işler gyzgalaňly dowam edýär.

Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde kallistemonyň ornaşdyrylmagy bu ugurda ylmy işleri geçirmäge esas döredýär, onuň maksady bolsa bu ajaýyp ösümligi ýetişdirmek we ulanmak babatda Türkmenistanyň şertlerinde ösümligiň köpelmeginiň iň amatly döwrüni we usullaryny kesgitlemekdir.

Kallistemon sitrinus gülleri uzyn, açyk gyzyl reňkli ösümlikdir. Gülüň ady göwrümine görä dakylyp, grekçe “kallos” - owadan, “stamen” bolsa kök diýmegi aňladýar. Onuň ownuk gülleri şahalarynyň ujunda 5-12 sm we inligine bolsa 3-6 sm bolan dykyz silindr görnüşli infloresensiýalarda ýygnalýar we ýokarsy ýaprakly ok bilen tamamlanýar.

Bu ösümlik efir ýagy hökmünde hem ulanylýar. Kallistemonyň ýapraklarynda efir ýaglary bar, onuň ýapragyna eliňi sürtseň, ýakymly ys peýda bolýar. Bu ýakymly ysly ýapraklar nahar taýýarlananda, şeýle hem likýor-çakyr önümçiliginde giňden ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň